Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY <br>«Migrasiýa gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY <br>«Migrasiýa gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda

view-icon 12459
I. 2009-njy ýylyň 21-nji noýabrynda kabul edilen «Migrasiýa gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2009 ý., № 4, 79-njy madda; 2013 ý., № 2, 46-njy madda; 2016 ý., № 3, 121-nji madda; 2018 ý., № 2, 58-nji madda) şu goşmaçalary we üýtgetmäni girizmeli:

1. 11-nji maddada:

5-nji bentden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«51) zähmet işini amala aşyrmak maksady bilen hemişelik ýaşaýan ýerinden ýazgydan çykmazdan, kyrk bäş senenama gününden köp möhlete başga ýere wagtlaýyn giden Türkmenistanyň raýatlaryny bolýan ýeri boýunça bellige alýar;»;

11-nji bentden soň şu mazmunly bentleri goşmaly:

«111) harby däl deňiz (derýa) gämileriniň ekipažlarynyň agzalary bolup durýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň kenara düşmegi we Türkmenistanyň halkara deňiz menzillerinde hem-de deňiz menzilli şäherlerinde bolmagy üçin rugsatnamalary berýär;

112) Türkmenistanyň çäginde degişli bolan döwletiniň diplomatik wekilhanasy ýa-da konsullyk edarasy bolmadyk daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar tarapyndan ýol resminamalary ýa-da olaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamalary ýitirilen, ogurladylan hem-de ulanmaga ýaramsyz ýagdaýa getirilen halatynda, agzalan şahslara «Daşary ýurt raýatynyň ýurduna dolanyp barmak üçin şahadatnamasyny» berýär;»;

22-nji bentden soň, şu mazmunly bentleri goşmaly:

«221) kömekçi hojalygy üçin bölünip berlen ýerlerde hojalyk işleriniň amala aşyrylmagy netijesinde alnan we özüniň hasaplaşyk hasabyna geçirilen girdejilerini bellenen tertipde peýdalanýar;

222) Migrasiýa gullugynyň işi hakynda maglumaty ýerleşdirmek, şeýle hem fiziki şahslara hyzmatlary etmek üçin Internet torunda öz resmi saýtyny ýöredýär; ».

2. 13-nji maddanyň 9-njy bendinden soň, şu mazmunly bendi goşmaly:

«91) Migrasiýa gullugynyň elektron maglumatlar gorunyň howpsuzlygyny üpjün etmäge;».

3. V bölümiň we 24-nji maddanyň adynda, şeýle hem 24-nji maddanyň birinji böleginde «sosial goragy» diýen sözleri «durmuş taýdan goraglylygy» diýen sözlere çalşyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


Aşgabat şäheri. 2018-nji ýylyň 20-nji oktýabry.